Okgunly ösüşlere itergi

13 Sentýabr 2024
28

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek we maýa goýumlary çekmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem bu hakykat öz beýanyny tapdy. Giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Halkara forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Maslahata ýurdumyzdan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary çagyryldy. Maýa goýum forumynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

«Watan».
Beýleki habarlar