Önümleriň eksport edilýän möçberleri artýar

13 Sentýabr 2024
39

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň sekiz aýynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 2 müň 14 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 895 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 15 million 13 müň 31 manatlyk iş edildi. Şeýle-de ýanwar — awgust aýlarynda buýan köküniň 2 müň 895 tonnasy, ekstraktyň bolsa 420 tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Beýleki habarlar