Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

13 Sentýabr 2024
8

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen USAID-iň Söwda Merkezi Aziýa işiniň ýerine ýetiriji hyzmatdaşynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar we geljekki mümkinçlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekili 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň Barselona iş sapary hem-de şu ýylyň awgust aýynda Agentligiň wekilleri üçin geçirilen STCW boýunça okuw maslahaty barada belläp geçdiler. Şeýle-de, FAL konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy boýunça işlerde ýardam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Beýleki habarlar