Iň irki türkmençe «Futuwwetnama»

12 Sentýabr 2024
58

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we goldawy netijesinde adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan akyldarlarymyzyň edebi mirasy, döreden dürdäne eserleri töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda çapa taýýarlanyp, neşir edilen şeýle eserleriň biri hem Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly kitabydyr. Kitapda XIII — XIV asyrlarda Kiçi Aziýa sebitlerinde ýaşan türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eseri hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täjigözel Hojageldiýewanyň «Futuwwetnamaçylyk däbi we Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasy» atly monografiýasy ýerleşdirilipdir.

Futuwwetnamaçylyk barada türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edilen işler ýeterlik däldir. Alymyň bu ylmy işi orta asyrlar türkmen taryhyny, edebiýatyny we onda öňe sürülýän ynsanperwer ideýalaryň jemgyýetçilik ähmiýetini yzarlamaga, öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu eser şol döwürde kämilleşen türkmen edebiýatynyň soňraky asyrlardaky ösüşiniň binýady bolup hyzmat edendigini aýdyň ýüze çykarýar. Elbetde, häzire çenli ady bize mälim bolmadyk türkmen akyldarynyň ajaýyp «Futuwwetnama» eserini ilkinji bolup häzirki zaman türkmen diline geçirip, ondaky parasatly pikirleri halka ýetirmek we bu babatda ylmy pikirleri aýtmak uly iş. Munuň özi, orta asyr türkmen jemgyýetçiliginiň medeni-aň derejesini aýdyňlaşdyrmak bilen birlikde onuň düýp çeşmelerine, ösüşine baha bermegi aňladýar.

Maral ATDAÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar