Dünýä dolan gymmatlyklar

12 Sentýabr 2024
39

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Şu günki güne çenli Diýarymyzdaky muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklar Zemine ýaýylyp, dünýäniň dürli künjekleriniň muzeýlerinde görkezildi.

Özboluşly muzeýler, muzeý gymmatlyklary barada gürrüň açylanda, Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen Türkmenistanyň milli «Ak bugdaý» muzeýi ilkinjileriň hatarynda ýatlanylýar. Sebäbi olaryň ikisi-de özboluşly. Biri ak bugdaýa bagyşlanan ýeke-täk muzeý bolsa, beýlekisi bir halkyň halylaryna şeýle uly muzeýiň bagyşlanandygy bilen täsirlidir. Türkmen halysynyň täsin nusgalaryny görmek üçin dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlar, ilki bilen, bu muzeýe baryp görýärler.

Jeren NURYMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar