Türkmen halkynyň gymmatly edebi-ruhy baýlygy

11 Sentýabr 2024
11

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir.

Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde eýeleýän orny uludyr. Türkmen halkynyň çylşyrymly döwri başdan geçiren zamanasynda ýaşan şahyr öz şygyrlary bilen halky agzybirlige, Watany söýmäge çagyrypdyr. Akyldar şahyryň eserleri halkymyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginde döwlet hem Watan temasy düýpli mesele hökmünde gozgalýar. Sarpasy belentde tutulýan şahyryň döredijiliginiň özeni Watana söýgüden başlanýar. Magtymguly il-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyr. Ol ähli adyň-abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar.

Janmurat JANGELDIÝEW,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar