Kalplarda orun alan akyldar

11 Sentýabr 2024
61

Türkmen edebiýatynyň taryhynda dürli döwürlerde görnükli şahyrlar ýaşap geçipdirler. Magtymguly Pyragy hem türkmeniň ykbalynda doglan parlak ýyldyz. Şonuň üçin üstünden näçe asyr geçse-de, onuň şygyrlarynyň gymmaty kemelenok. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we onuň joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň azatlygy we bitaraplygy barada arzuw edipdi» diýip belleýär. Beýik akyldaryň şygyrlary biziň üçin hemişe halallyk nusgasy bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz öz bagtyny il bagtyndan üzňe göz öňüne getirmändir. Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary, ynsanyň ahlak sypatlary aýdyň, halka düşnükli dilde beýan edilýär. Adamkärçilik, ynsaplylyk, ynsanperwerlik biziň döwletimiziň baş şygarydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasaty-da, geljek bilen bagly ruhy ýörelgesi-de ynsanperwerlikden gözbaş alýar.

Beýik şahyr türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysydyr. Halkyň durmuşyny halka sada dilde, çeper mazmunda beýan edip bilen şahyr adamlary parahatçylyk söýüjilige, zähmetsöýerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny ussatlyk bilen ajaýyp şygyrlaryna salyp bilipdir. Şahyr her bir ynsanyň ýüregindäki belent duýgulary örän inçelik bilen beýan edýär. Onuň arassa ahlaklylyk, halallyk, päklik, beýik ynsanperwerlik duýgularyna we parasatly jümlelere ýugrulan şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesle edep-terbiýeli, zähmetsöýer bolmagy ündeýär. Çünki ynsanyň adamkärçilik, ahlaklylyk, watançylyk, zähmetsöýerlik ýaly gylyk-häsiýetleri ýaşlykdan başlanýar hem kämilleşýär.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar