Ýolumyz rowan — menziller dowam

11 Sentýabr 2024
25

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi halkymyzyň abadançylygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatlardan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly döwrebap ýollary durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Awtomobil ýollarymyz dünýä ülňülerine laýyk getirilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar hem ýokarlandyrylýar. Ýollaryň hem adamyň howpsuzlygy üçin wajyp bolan öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bar.

Häzirki bagtyýar zamanamyzda oňyn özgertmeleriň netijesinde günsaýyn ösýän ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, döwrebap awtoduralgalar gurulýar, sürüjiler we pyýadalar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy barada möhüm işler amala aşyrylýar. Mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu bolsa, aýratyn hem, ýaş nesliň ýol hereketi baradaky düşünjeleriniň baýlaşmagyna, köçelerde seresap bolmagyna kömek edýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlanan dürli okuw bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri çagalaryň hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli çemeleşmegine ýardam edýär.

Çynar GARLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar