«At basman diýen ýerine müň basar...»

11 Sentýabr 2024
44

Adam durmuşda her hili ýagdaýlary başdan geçirýär. Meselem, uzak ýola gidende azaşmagy, ýolda galmagy, yssy howada suwsuz horlanmagy, garaz, dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle kynçylyk çeken adam bolup geçen waka barada gürrüň berýär. Şonda gepiniň arasynda hem: «Gaýdyp şol tarapa gitmerin», ýa bolmasa: «Gaýdyp şol tarapa seretmerin» diýen ýaly sözleri aýdýar. Şonda gürrüňdeşleri:

— Eýle hal äht etme! Durmuşda herki zat bolup biler, gelersiňem, gidersiňem, görersiňem. «At basman diýen ýerine müň basar» diýipdirler. Hemişe şeýle kynçylyk bolup durmaz — diýip öwüt berýärler.

Taýýarlan Gunça ÇOPANOWA.
Beýleki habarlar