Durnukly ykdysady ösüş

11 Sentýabr 2024
28

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, has takygy, sentýabr aýynyň 10-11-ine ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň hem-de serginiň guralmagy baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň täsirini has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini nygtap, milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar