Ýurdumyzyň geljegi ynamly gollarda

11 Sentýabr 2024
35

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän möhüm ähmiýeti bolan mineral dökünler öndürilýär. Kärhananyň önümleri, esasan-da, oba hojalyk pudagynyň ösüşinde örän ähmiýetlidir. Uly ykdysady mümkinçilikleri özünde jemleýän bu kärhananyň düzüminde 26 sany önümhana hereket edip, olarda 1300-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu önümhanalaryň aglabasynda önümçilik bilen meşgullanylýar. Joşgunly zähmet zawodyň ähli bölümlerinde işleriň sazlaşykly guralyp, täze üstünlikleriň gazanylmagyna şert döredýär. Soňky ýyllarda kärhanada täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýa-da gaýtadan dikeldilmegi, sanly ulgamyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaşlaryň iş tejribeleriniň baýlaşmagyna giň ýol açýar.

Zawodda himiýa senagatynda halypalyk mekdebini geçen, ýokary bilimli, öz işine ussat ýaşlaryň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Himiýa kärhanasynyň bug-gaz-aýna gaýnadyjy bölüminiň hünärmeni Şamurat Rahmanow hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar