Milletini beýgelden beýik söz ussady

11 Sentýabr 2024
40

Dünýäniň belli edebiýatçy alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň irbaýakdan bäri ykrar edişleri ýaly, döredijilik älemine diňe bir türkmen halkyny ýa-da diňe bir türki halklary däl, eýsem, tutuş ynsanyýeti maýyl eden, adamzadyň ynsanperwer dünýäsi üçin mahsus bolan keremli adalgalary çyrag edinen Magtymguly Pyragynyň eserleri beýik şahyry umumadamzat şahyryna öwürýär. Beýik söz ussadynyň goşgularynda wagyz edilýän, öňe sürülýän çuňňur pelsepewi pikirler, öwüt-ündewler ähli halklar, milletler, döwürler üçin sapak edinmeli, ýol-ýörelge edinilmeli mukaddesliklerdir.

Aslynda, tutuş adamzat üçin, onuň asuda, parahat, bagtyýar, durmuşda ýaşamaklygy, özara dostana gatnaşyklary amal etmegi üçin hökmany suratda ýerine ýetirilmeli ýörelgeler bar. Biz bu ýörelgelere watançylygy, ynsanperwerligi, beýik adamkärçiligi, merdi-merdanalygy, ýokary ahlaklylygy, halallygy we şuňa meňzeş ençeme mukaddeslikleri goşup bileris. Akyldar şahyryň döredijiliginiň saldamyny düzýän, adamzady adamzada öwürýän, jemgyýete jebislik, millete merdanalyk, döwürlere döwran berýän mukaddes ýörelgeler öz gözbaşyny paýhasdar pederlerimiziň taraşlap-timarlap, asyrlardan aşyran, heňňamlaryň hikmetine öwren däp-dessurlarymyzdan alýar. Bu biziň türkmen hökmünde, millet hökmünde, halk hökmünde zandymyza siňen, salamdan başlap, mukaddeslige tagzyma çenli ýörelgämizdir. Bir söz bilen aýtsak, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Arşy ylhamyndan dörän goşgular türkmen jemgyýetiniň, türkmen milletiniň edebi keşbini, hiç bir halkyňka meňzemeýän asylly, özboluşly medeniýetini, beýik adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýär. Diýmek, bu gadymyýetden bäri, şonuň bilen birlikde beýik Pyragynyň döwründen bäri dünýä medeniýetine, siwilizasiýasyna goşup gelýän bahasyna ýetip bolmajak goşandymyzdyr. Ýokarda agzap geçen mukaddesliklerimiz hemme halklar üçin zerurlyk bolsa, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň agramyny şu ýörelgeler eýeleýän bolsa, onda beýik Pyragy ähli halklaryň we milletleriň şahyry, umumadamzat şahyry. Munuň şeýledigini akyldaryň diňe bir millete däl, gös-göni tutuş adamzada ýüzlenip ýazan goşgulary bütin aýdyňlygy bilen subut edýär:

Agamyrat SOLTANOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr.
Beýleki habarlar