Halyçylaryň zähmet sowgady

11 Sentýabr 2024
30

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy nepisligi, owadanlygy bilen ähli döwürlerde hem göreni özüne maýyl edip gelýär. Şeýle ajaýyp halylary dokamakda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli zenanlary göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Muny kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler hem aýdyň subut edýär.

Gyzylarbatly halyçylar ýylyň başyndan bäri 1896 inedördül metrden gowrak haly dokap, meýilnamany 102 göterimden gowrak berjaý etdiler.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar