Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär

11 Sentýabr 2024
41

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribelerinidir täzeçil usullaryny ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, hili has ýokarlandyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilen. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşde almak, elektron tabşyrygy taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Ýuridik tarap bolan müşderilere we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny ýöretmek, elektron göçürmelerini almak we töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, ykjam töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek, onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýlekisine pul serişdelerini geçirmek ýaly birnäçe hyzmatlar ornaşdyryldy.

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar