Şanly toýa mynasyp sowgat

11 Sentýabr 2024
35

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde ähmiýetli orny eýeleýän Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigiň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny mynasyp toý sowgady bilen garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekip, ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Kuwwatly enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kärhananyň tehniki we önümçilik görkezijileri mukdar hem hil taýdan ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur nah ýüplügiň öndürilişi barha artýar. Şu ýylyň sekiz aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama 103 göterimden gowrak ýerine ýetirilip, önümçiligiň ähli ugurlarynda ösüş depgini üpjün edildi.

Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölegi hasaplanýan bu kärhana boýunça ýylda 6 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenip, ondan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan nah ýüplügiň 6 müň tonnasy öndürilýär. Ýokary hilli bu önümler mata önümçiliginde giňden ulanylýar. Aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige dünýäniň bu ugurda uly meşhurlyk gazanan firmalarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Has takygy, Germaniýanyň dünýä belli «Trützsсhler» kompaniýasynyň tüýdüji, saýyjy we arassalaýjy enjamlarynyň 1 hatary, darak enjamlarynyň 6-sy, lenta maşynlarynyň 8-si, «Schlafhorst» kompaniýasynyň dürli görnüşli ýokary öndürijilikli egriji enjamlarynyň 6-sy oturdyldy. Önümleriň hilini hemişe gözegçilikde saklamagy üpjün edýän innowasion barlaghana bar. Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň ölçeg enjamlary bu işi anyk hem dürs berjaý etmäge mümkinçilik berýär. «Uster Tester 5» enjamynda nah ýüplükleriň inçe we ýogyn ýerleri, nepis sanlary ölçenýär. «Uster Tensorapid 4» enjamynda nah sapagyň berkligi barlanýar. Şu ölçeg enjamlarynyň beýleki görnüşleri arkaly pagta süýüminiň uzynlygy, reňki, hapalygy we çyglylygy ölçenýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar