Bagtyýar çagalar — röwşen geljegiň kepili

10 Sentýabr 2024
58

Eziz Watanymyzda körpe nesliň bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüp, kämil bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çaganyň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge uly üns gönükdirilýär, dürli ugurlar boýunça okuw maksatnamalary, okuw kitaplary taýýarlanylýar, hünär taýýarlygy kämil bolan, başarjaň, hünärli pedagoglar bilen üpjün edilýär. Çagalar bagy sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan mukaddes ojagydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, çagalar baglarynyň, bilim ojaklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan ählitaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredilendir.

Çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen innowasion, netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gerimini giňeltmäge, olara körpejeleri çekmäge, çaganyň ukyplarynyň kadaly ösmegi üçin maşgalanyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ornuny ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirýär. Çaganyň ukyplarynyň kadaly ösmegi, maşgalany hemmetaraplaýyn goldamak, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde täze okuw tehnologiýalaryny, milli däp-dessurlary, medeniýeti, umumadamzat gymmatlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny, dürli görnüşli öwrediji hem-de ösdüriji oýunlary giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda çagalarda psihologik dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýän amatly psihologik şertleri, hoşniýetli we mähirli gurşawy döretmek, olarda erkinlik, öz hereketlerinde özbaşdaklyga döredijilikli çemeleşmek, şahsy pikirlerini erkin aýdyp bilmek duýgularyny döretmek ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär.

Maýagözel SAZAKOWA,
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar