Balarylaryň «dosty» (Hekaýa)

10 Sentýabr 2024
43

Meniň bu ady alşymyň uzyn taryhy bar. Nähili aldyň diýýäňizmi?! Bu ady belli balçy ýaşulular dakdylar. Olar käte atamyň ýanyna oturmaga-da gelerdiler. Bir gezek olar söhbetdeşlikde oguzlar zamanynda Gorkut atanyň oguz ýigitlerine Bamsy Birek, Beset, Domrul diýip at dakyşyny ýatladylar. Onsoň atam gürrüňi maňa syrykdyrdy: «Onda bu günki maslahatda biziň dogmamyza-da at dakaýalyň, olam balarylara özüni ykrar etdirdi» diýip, ýylgyryp oturyşyna gelen ýaşululara ýüzlendi, ýaşulularam şol ady makul gördüler. «Adyňy biz berdik, ýaşyňy Taňry bersin!» diýip gutladylar.

...Özümi bilip, ilki daşaryk aýak basan günüm balarylar bilen tanyşdym. Sebäbi atam balçydy. Ol balarylaryny saklap, şolar bilen güzeranyny dolandyrýan adamdy. Göwnüme bolmasa, onuň özem balarylara meňzeşdi. Onuň bugdaýreňk ýüzi, kirpikmen uly gözi, hüwiniňki ýaly gerlip duran ösgün gaşlary, göni burny, mydama ýylgyrybrak duran ýüzi, işe werziş bolan ýaýbaň egni, galjaňlygy işçi aryny ýada salardy.

Merdan ÇARYMUHAMMEDOW.
Beýleki habarlar