Magtymguly mekdebi — türkmen-täjik dostlugynyň nyşany

10 Sentýabr 2024
42

Mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly badalga aldy. Şol gün Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep hem ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Dostlukly ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Akyldar şahyryň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata berdiler. Bu mekdebiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda gapylarynyň açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp waka dogrusynda täjigistanly türkmenleriň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar