Täze guýy önüm berdi

9 Sentýabr 2024
24

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň Täçmyradow meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.

— Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz känine golaý ýerde ýerleşýän bu meýdançada tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy çaklanylýardy. Bu ýerde gözleg guýusyny burawlamak işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynanyldy. Olar tarapyndan şu döwre çenli 2 müň 500 metr çuňluk burawlandy we önümli gatlaga ýetildi. Täze guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde kükürtsiz tebigy gazyň 389 müň kub metrine barabardyr. Geljekde bu meýdançada gözleg guýularyny burawlamak işleri dowam etdiriler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow ynam bilen aýdýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar