Maýa goýum forumy — uly mümkinçilikleriň giňişligi

9 Sentýabr 2024
49

Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy şertleriň biri. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler we maýadarlar üçin özüneçekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň möhüm ugurlaryna degişli. Milli ykdysadyýetimizi uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlar, innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmagy maksat edinýär.

Bu gün berkarar Watanymyzda ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýalara esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyz halkara maliýe düzümleri bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan esasy önümçilik kuwwatlyklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlary çekýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar