Belent borja wepalylyk

9 Sentýabr 2024
54

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzda howpsuzlygyň, jemgyýetimizde asudalygyň, agzybirligiň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde degişli gulluklaryň ýolbaşçylarynyň beren hasabatlaryndan hem görnüşi ýaly, döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmagyň çäklerinde milli kanunçylygymyzy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny raýatlara düşündirmek, düzgünbozulmalaryň öňüni almak boýunça möhüm çäreleriň geçirilmegi kazyýet edaralarynyň işgärleriniň gündelik işiniň möhüm bölegini düzýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, berkarar döwletimizde kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagy ugrundaky möhüm işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşarys.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda kazyýet edaralaryna döwrebap iş usullarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň we öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly okuwlaryň geçirilmegi bolsa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we olary gündelik işimize ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Şöhrat PIRIMANOW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar