Okuw maslahaty geçirildi

9 Sentýabr 2024
56

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda adam hukuklaryny goramak babatda Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň kazyýet edaralary bilen iş alyp barmaklary boýunça halkara tejribesini paýlaşmakdan ybarat boldy. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň, welaýat prokuraturasynyň, kazyýet edaralarynyň, welaýat häkimliginiň işgärleri, degişli edaralaryň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, raýatlaryň durmuşy meseleleri bilen baglanyşykly kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Wekiller adam hukuklaryny goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek, raýatlaryň hukuklaryny we emläkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen bagly milli meýilnamalary durmuşa geçirmek, döwlet, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek, degişli çözgütleri kabul etmek boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk edaralarynyň alyp barýan işleri barada hem aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu möhüm ugurlarda milli, sebitleýin we halkara derejelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzyň işjeňliginiň dünýä jemgyýetçiliginde ýokary baha mynasyp bolýandygy, milli däp-dessurlarymyzyň kanunçylygymyzda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar