Özbegistan 7 aýda 55 ýurda dokma önümlerini eksport etdi

8 Sentýabr 2024
17

Özbegistan şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 55 ýurda dokma önümlerini eksport etdi.

Ýurduň Statistika agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden dokma önümleriniň umumy bahasy 1,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 813,4 million ýüplük, nah we sapak önümleriniň, 684,9 milliony taýýar dokma önümleriniň hem-de 169,3 milliony bolsa trikotaž matalaryň paýyna düşýär.

Taýýarlan: Jennet ALIMOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.
Beýleki habarlar