Döwrebap serişdelerden peýdalanmak

8 Sentýabr 2024
186

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, kämilligiň gözbaşy hasaplanýan daşary ýurt dillerini öwrenmek esasy orunda goýulýar. Ýokary we orta mekdeplerimizde bilim alýan ýaşlara, esasan, türkmen, iňlis dilleri has ýokary derejede öwredilýär. Bu ugurdan guralýan sapaklar ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär.

Ýaşlara öwredilýän dünýä dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dilini bilmek, onuň inçe taraplary barada okuwçylara düşündirmek okuwçylarda bu derse bolan höwesi artdyrýar. Çagalar bagynda iňlis dili öwredilende, ilki bilen, suratlar arkaly işlemegi hem göz öňünde tutup bolar. Çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek örän netijelidir. Çünki çagalara şol döwürden iňlis diliniň sözleri öwredilse, bu olaryň aňyna örän berk ornaşýar. Şonuň üçin hem iňlis dilini okatmagyň, çagalara öwretmegiň hem özboluşly usullary bar. Bu ýaşdaky çagalara, esasan, suratlar, ertekiler arkaly dil öwretmek mümkin. Soňra bolsa olara iňlis dilinde sanamagy öwretmek hem täsirli bolar. Bu olarda iňlis diline gyzyklanmasyny artdyrar.

Aýgül HATAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar