Salam, mugallym! (Oýlanma)

6 Sentýabr 2024
108

Uniwersiteti tamamlap, işe başlaýan uçurlarymyň ýakymly ýatlamalary hiç wagt ýatdan çykmasa gerek. Durmuşda özüňe mynasyp ady almagam, ornuňy tapmagam esasy zerurlyklaryň biri bolýar. Okuwçylaryň: «Salam, mugallym-da, salam, mugallym!» boluşlary iň bir tolgundyryjy pursatlaryň biridi. Entek özüňi olardan tapawutly görmeýän halatyňda saňa: «Mugallym» diýip ýüzlenmekleri gulagyňa hoş ýakýar. Iň bir arzylanýan ada, ähmiýetli orna eýe bolandygyňa düşünýärsiň. Bu örän ýakymly duýgy. Ýöne bu at, nähili ýakymly eşidilýänem bolsa, oňa mynasyp bolmagyň jogapkärçiligi, dogrusy, endişelendirmänem duranokdy.

Türkmen halky yrymçyl halk. Dünýä inen çaga at dakanlarynda onuň geljegi bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar edip, at saýlapdyrlar. Ýöne her bir adama ata-enesiniň beren adyndan başga il içinde hem hökman bir at berilýär. Bu barada rowaýatlara ýüzlenseg-ä, her adama bitiren işine görä at beripdirler. Häzir bolsa, köplenç, meşgullanýan kär-hünäriňe, gylyk-häsiýetiňe görä at dakýarlar, ýa bolmasa-da adyňy gysgaldýarlar. Ynha, meselem, maňa kiçilikden bäri köp ýerde: «Daňňy» diýip ýüzlenýärler. Ýogsa-da, kiçikäňiz siziňem adyňyzyň gysgaldylan gezekleri bolupmydy? Elbetde, bolandyr-la. Kinofilmdir multfilmiň gahrymanyna, ýa bolmasa bir futbol oýunçysyna-da hökman meňzedilensiňiz?! Meni bolsa goňşularymyzyň «Ram we Lakhan» atly hindi filmindäki Lakhanyň çagalygyna meňzedýändikleri ýadymda.

Daňatar GALPAKOW,
«Nesil».
Beýleki habarlar