Magtymguly hakynda halk rowaýatlary

5 Sentýabr 2024
111

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyraga ýokary baha berýär. Geçmiş taryhymyzda uzak ýyllaryň dowamynda söz ummanynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine degişli dürli rowaýatlar döredilipdir. Halk rowaýatlary dilden-dile geçip, soňra alymlaryň hem-de edebi mirasy öwrenijileriň hyzmaty netijesinde, ýazuw üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Halk rowaýatlary durmuşyň aýnasy, göwünleriň çeper ýazgysy hasaplanýar. Her bir rowaýatyň gymmaty, öňi bilen, onuň terbiýeleýjilik ähmiýetine eýeligindedir. Ruhy islegi ganatlandyrmakda rowaýatlar esasy çeşme hasaplanýar. Halk rowaýatlarynyň ýene-de bir aýratynlygy, hyýaly ýagdaýda bolsa-da, okyjyny beýan edilýän wakanyň jümmüşine ataryp, göz öňüne getirmäge ýardam edýänligindedir. Muňa beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanyşykly rowaýatlaryň käbirinde hem göz ýetirmek bolýar.

Mahym NAZAROWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar