Altyn barada

5 Sentýabr 2024
102

Altyndan ýasalan bezegleri zenanlarymyzyň ählisi diýen ýaly, uly höwes bilen dakynýar. Bu bezeg metaly üstünligiň, berekediň, gözelligiň nyşany hasaplanýar.

Il arasynda: «Altynyň gözelligi Aý bilen Günüň arasyndaky asudalygy, ýaraşygy baglaşdyrýar» diýilýär. Emma altyn metalynyň güýji diňe onuň gözelliginde ýa-da gymmatlygynda däl. Dogrusy, ol hemişe beýleki gymmat metaldyr, gymmatbahaly daşlar ýaly, ynamly maýa goýum serişdesi hökmünde ulanylýar. Altyn ylmy tarapdan öwrenilen gadymy metal bolup, ol hem bezeg, hem lukmançylykda ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda hem altyn ylymda we senagatda talap edilýän metal. Dünýäde meşhur bolan bu metalyň möçberiniň ondan bir bölegi farmakologiýada, plastik hirurgiýada, radiasiýa terapiýasynda, kosmetologiýada ulanylýar.

Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar