Pyragynyň şygyrlarynda jahankeşdelik

5 Sentýabr 2024
66

Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenijileriň aýtmaklaryna görä, ol dürli ylymlardan baş çykaryp bilipdir. Şol sebäpli hem onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, çeperligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem sowatly adamlaryň ünsüni çekmegi başarýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilýär. Dürli ýurtlaryň okyjylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: «Magtymgulyny diňe bir türkmen poeziýasynyň däl-de,  eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýäris» diýip, uly baha berýär.

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň uly dispetçeri.
Beýleki habarlar