Edebiýat äleminiň ýyldyzlary

4 Sentýabr 2024
65

Il ogly, halk şahyry, mugallym

Şahandaz, hoşgylaw, gürrüňçil, bir sözde aýdanyňda, il adamsy bolan Ata Köpekmergen halkyň hormatyna mynasyp bolupdyr. Onuň döredijilik dünýäsine aralaşanyňda, goşgularynyň köpüsinde şorta, teýene bar bolsa-da, olaryň aglabasynda ýiti durmuş meseleleri gozgalyp, watançylyk, ynsap, lebzihalallyk duýgulary okyjyny özüne bendiwan edýär. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň türkmen edebiýatynda mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär.

Beýleki habarlar