ÖMRE MANY ÇAÝÝAN NEPIS SOWGAT

4 Sentýabr 2024
80

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemeginde edebi-medeni gatnaşyklaryň hem ähmiýeti iňňän uly. Çünki medeniýet her halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren özlügidir, özüne mahsuslygydyr. Ykbal, durmuş hakdaky düşünjeleriniň, ömrüň wagtlaýynlygy ýa-da bakylygy hakyndaky garaýyşlarynyň, geçmiş, şu gün, geljek hakyndaky pikir ýöretmeleriniň gaýmagydyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Bir halka düşünmek üçin, ilki bilen, şol halkyň medeniýetine düşünmek gerek. Bir halkyň ýüregine barýan ýoly tapmak üçin şol halkyň medeniýeti bilen tanyşmak gerek. Özara medeni gatnaşyklar ähli halklaryň, bütin adamzadyň barlygyny we bakylygyny, birligini we bitewiligini üpjün edýän hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan medeni diplomatiýasynyň rowaçlanmagynyň düýp sebäbinde hem hut şeýle hakykatlaryň ähmiýetine çuňňur düşünmek arkaly belent baha bermek artykmaçlygy bardyr.

Medeni gatnaşyklarymyzyň rowaçly şahalarynyň biri hem edebi gatnaşyklarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren «Dünýä edebiýaty» žurnaly daşary ýurt edebiýatynyň naýbaşy eserlerini türkmen diline terjime edip, halkymyza ýetirýän bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri dünýä dillerine terjime edilip, dünýä ýüzündäki pähim-paýhasyň muşdagy bolan milliardalarça okyja elýeterli edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde edebi gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrýan ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasynyň sowgat edilmegi dostlukly edebi-medeni gatnaşyklarymyzy berkidýän pursatlaryň biridir.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory
Beýleki habarlar