Ýürek sesi

4 Sentýabr 2024
94

* * *

Gijäniň tümünden däl, ýalňyzlygyň tümünden sogrup alsana meni. Garaňkylyk irde-giçde ornuny ýagtylyga berer, ýöne ýalňyzlygyň tümi haçan ornuny mukaddes söýgi bilen doldurarka?! Ýaşyl ýapraklar saralar, soňra olar topraga siňer. Ýaprak siňen toprakdan ýene täze daragt gögär. Günler aýa, aýlar ýyla sepleşer gider, ýöne wagtyň bagt bilen sepleşip gitmegi hemişe mümkinem däl ýaly görünýär. Gowusy sen bu zatlara ynanma, sen bagty döredip bolýandygyna ynanýaň ahyryn... Bu barlyk bize geňeşilmezden döredildi, söýgem geňeşde ýüze çykýan zat däl, gaýtam, ol ynamdan döreýän zat ahyryn. Öňem eý görýänlerimiň has üýtgeşiginiň aýdyşy ýaly, bagtyň 97 göterimi berilýämişin, menem näme galan 3 göteriminem çyn söýgi bilen dolduraýsam diýýän.

Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar