Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýol ulaglary üçin birmeňzeş talaplary girizer

4 Sentýabr 2024
35

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (ÝYB) ýol ulaglary üçin birmeňzeş talaplary girizmegi maksat edinýär. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Bileleşigiň agza döwletleri Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän awtomobil ýollarda hereket edilende ulaglaryň rugsat berilýän ölçegleri baradaky Şertnama gol çekmek üçin zerur bolan döwletiň içindäki işleri tamamladylar. Resminama 2024-nji ýylyň 4-nji çärýeginde gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar