Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

4 Sentýabr 2024
66

 Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäginde umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli çäreler geçirilýär. Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabaraly maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

«Halk Maslahaty: agzybirlik, jebislik, döwletlilik» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralyp, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Onda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi, onda geçen döwürde berkarar Watanymyzda alnyp barlan işleriň üstünde durlup geçiljekdigi, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenip, olary çözmegiň ýollary babatdaky tekliplere garaljakdygy dogrusyndaky gürrüň çykyşlaryň özenini düzdi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar