Ilkinji jaň — bilim ýolunyň başlangyjy

3 Sentýabr 2024
70

«Ilkinji» söz, gör, näçe ýerde ulanylýar: ilkinji söz, ilkinji ädim, ilkinji ýaz, ilkinji terbiýeçi, ilkinji jaň, ilkinji mugallym, ilkinji sapak, ilkinji bäşlik — bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Aga-gara düşünip başlanyndan mekdebe çenli aralykdaky «ilkinjiler» çaganyň durmuşa, jemgyýete bolan ymtylyşyny kesgitleýär. «Ilkinji jaň» dabarasy bolsa ony bilimden, ylymdan püre-pür durmuşa çagyryşdyr. Hut şonuň üçin hem çaga bu şanly senä — 1-nji sentýabra uly umytlar baglap garaşýar.

Ene-atasynyň elinde, çagalar bagynda terbiýelenip, mekdep ýaşyna ýeten oglan-gyzjagazlar öz durmuşlaryndaky begençli pursata uly höwes bilen garaşýarlar. Olar «Ilkinji jaň» dabarasynyň nämedigine heniz ýeterlik derejede göz ýetirip bilmeseler-de, şol şatlykly pursatyň özlerine edýän ýakymly täsirlerini aýdyň duýýarlar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar