Geçen ýedi aýda ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy

3 Sentýabr 2024
51

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.

Beýleki habarlar