Geofizikleriň gaýratly gadamlary

3 Sentýabr 2024
34

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy belentden toýlanjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Nusgalyk zähmet däplerine baý bolan «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar