«Ilkinji jaň» dabaralary guraldy

2 Sentýabr 2024
68

Düýn ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden toýlanyldy. Baýramçylyk gününde bilim ojaklarynda täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi.

Baýram güni welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 397-si toý lybasyna beslendi. Bilim ojaklaryny aýdym-sazyň hoş owazy gurşap aldy. Irden şanly sene hem-de täze okuw ýylynyň badalga almagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary guraldy. Dabaralara gatnaşan ýerli häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mugallymlar ýaşlary täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, olara bilimler dünýäsinde uly üstünlikleri arzuwladylar. Şonuň ýaly-da çykyşlarda ýaş nesliň okamagy, bilim almagy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar