Salam, mekdep!

2 Sentýabr 2024
84

Babadaýhan etrabynda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralara utgaşyp gitdi. Mekdeplerde bolan dabaralarda täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi bilen baglanyşykly ýagşy arzuwlar aýdyldy. Okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň kakylmagy bilen, bagtyýar ýaşlar ýagty okuw otaglaryna doldular.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde etrap boýunça bagtyýar çagalaryň ýüzlerçesiniň 1-nji synpa gadam basandygyny, olaryň ak mekdeplerde aýratyn mähir bilen garşylanandygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň “Bilimli” kompýuter sowgadyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen bellemek gerek.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar