Ak mekdeplerdäki dabaralar

2 Sentýabr 2024
79

Gökdepe etrabyndaky orta mekdeplerde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara bilim işgärleri, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep okuwçylary we ene-atalar uly şatlyk-şowhun bilen gatnaşdy.

Dabaralarda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden aýdylan mähirli gutlaglar, ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolmagy üçin uly tagallalar edip, bu babatda ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşlar göwün göteriji duýgulary döretdi.

Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar