Bilimden paýly nesiller

2 Sentýabr 2024
118

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde özboluşly şatlyk-şowhuna, belent ruhy joşguna beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabara hem baýramçylyk mynasybetli guralan dürli medeni-köpçülik çäreleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Şowhunly dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Beýleki habarlar