Täze okuw ýyly üstünliklere beslener

1 Sentýabr 2024
225

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilime üns has-da güýçlenýär. Muny biz — mugallymlar, terbiýeçiler gündelik durmuşymyzda amala aşyrylýan işlerde görýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary Watanymyzyň altyn geljegi hasaplap, olar üçin dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, döwrebap ülňülerde gurlan mekdepleri, ähli şertleri bolan sport, dynç alyş, saglygy dikeldiş merkezlerini gurup berýär. Ýaşlaryň okap, bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ele alan mugallymlar ýaşlarymyza bilim berýärler.

Ynha, ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Täze okuw ýylyna bilim işgärleri örän taýýarlykly geldiler. 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri kompýuter sowgatly ýaşajyk nesillerimiziň gözlerinde buýsanç, geljege bolan ynam uçganaklaýar. 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi oňat däbe öwrüldi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gülüstan MÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar