Dostlukly döwletde täze mekdep açyldy

1 Sentýabr 2024
181

Şu gün — 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly taryhy çykyş etdiler we mekdebiň açylyşyna ak pata berdiler. Bu bolsa çäräni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besledi. Döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň, ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Dabaranyň çäklerinde täze mekdebe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň 100-si we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki güne çenli abyrsyz işleri durmuşa geçirdi, öz hasabyna ýurdumyzda howandarlyga mätäç näsag çagalara bejergi işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu gün bolsa gazna öz hasabyna Täjigistanda açylan täze mekdebe «Bilimli» kompýuterleri we awtobusy sowgat hökmünde iberdi. Bu gaznanyň ynsanperwerlik goluny dünýä ýüzüne uzadýandygynyň, biziň doganlyk halklarymyzyňdyr ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň aýdyň nyşany bolýandygynyň aýratyn şöhlelenmesidir. Şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda, iki döwletiň medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, ruhy-gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasynda dostluga, özara düşünişmäge ýardam bermekde örän ähmiýetli we asylly başlangyçdyr. Şeýle şatlykly wakanyň şaýady bolup, dostluk köprüleriniň binýadyny pugtalandyrýan, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri ugrunda asylly işleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza, bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyz has-da goşalandy.

«Güneş».
Beýleki habarlar