Milli bilim ulgamy: nusgalyk işler, täzeçil özgertmeler, toplumlaýyn maksatnamalar

31 Awgust 2024
125

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüşini, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegini üpjün edýän beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Netijede, ýurdumyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ýokary derejede üpjün edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan tutumly işler, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, şol sanda milli bilim ulgamy boýunça gazanylýan ýokary netijeler munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şäherdir obalarymyzda häzirki zaman bilim edaralary — çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary gurulýar, bilim işine öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.
Beýleki habarlar