Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygy berkidýärler

30 Awgust 2024
37

28-nji awgustda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tähran şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasyna Gümrük müdirliginiň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki döwletiň Gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Özara maglumat alyşmagyň iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýetirýän oňyn täsiri nazara alnyp, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistiki maglumatlarynyň, harytlaryň bahasy barada maglumatlaryň alyşylmagy barada meselä üns berildi.

Beýleki habarlar