Gündogaryň gözellik öwüşginleri

30 Awgust 2024
111

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde iki günläp dowam eden ýöriteleşdirilen moda sergisi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek guralan bu özboluşly çäräniň açylyş dabarasyna Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, suratkeşler, dizaýnerler, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler, moda dünýäsiniň muşdaklary gatnaşdylar. Olar halk we häzirki zaman sazlarynyň owazy astynda bu ýerde görkezilen eksponatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi, Aşgabat dokma we Türkmenbaşy jins toplumlary, «Ahal», «Bahar» tikinçilik birleşikleri, öňdebaryjy dizaýnerlerimiz ýokary hilli dokma hem tikinçilik önümlerini, şol sanda täze harytlaryny giň köpçülige hödürledi. Şolaryň hatarynda arassa ýüpekden, nah, trikotaž, jins, panbarhat matalaryndan taýýarlanan, ýakymlylygy, ekologik taýdan arassalygy, elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan egin-eşikler hem bar. «Hima», «Noura», «Diary», «Noral», «Peransa», «Unico», «Arghavan» ýaly kompaniýalar eýran tarapyna wekilçilik edip, olaryň ajaýyp zenan lybaslary, ýüpek ýaglyklary, deriden taýýarlanan ýantorbalary, aýakgapdyr bezeg şaý-sepleri gözelligiň aşygy bolan gelin-gyzlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar