“Kamaz” Türkmenistanda ýerli brend bilen tehnika önümçiligini ýola goýmagy teklip edýär

29 Awgust 2024
79

27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.

Gürrüň Türkmenistanda (eýýäm “Kamaz” hyzmat ediş merkezleri hereket edýär) tehnika öndürmek üçin täze desganyň döredilmegi baradadyr. Garifulliniň aýtmagyna görä, munuň ýaly önümçiligi ýola goýmagyň dürli görnüşleri ara alnyp maslahatlaşylýar, üstesine-de tatar tarapy bu önümçiligi ýerli bredniň adyndan çykarmagy teklip edýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bu teklibi goldap, türkmen bazarynda “Kamaz” önümleriniň köpgörnüşliligini belläp, munuň bilen baglylykda Türkmenistanda onuň önümçiliginiň ýola goýulmagy we bilelikdäki kärhana görnüşinde hereket etmegi barada maslahatlaşylýandygy barada aýtdy.

Beýleki habarlar