Bosagada biraýlyk

29 Awgust 2024
74

Däp bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýlan bu ählihalk çäresi jemgyýetde howpsuzlygy üpjün etmek, raýatlaryň saglygyny goramak we ömrüni uzaltmak ýaly wajyp wezipelerden ugur alýar.

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň köçelerinde we şaýollarynda «akylly» wideogözegçilik ulgamynyň, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän «akylly» ýolyşyklaryň ornaşdyrylmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň häzirki zaman tejribesiniň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwür bilen deň gadam urýan ýaş şäheriň döwrebap mümkinçilikleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmeginde, ýol medeniýetini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlaryň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginde ähmiýeti uludyr.

Nurmuhammet ÝUSUPOW,
Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar