Kämil bilim — beýik geljegiň binýady

26 Awgust 2024
156

Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen paýhasly aýtgy bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowulandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip bellemek bilen, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn hem-de kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berýär. Şu jähetden, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahatynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Taýýarlan Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar