Täze dost (Hekaýa)

26 Awgust 2024
118

Okuwdan geleli Kemalyň hiç zat bilen seri bolmady. Alma agaçlarynyň düýbüni hem göwünsizlik bilen depýärdi. Onuň heniz beýle gussalydygyny gören ýok. Ony hemme kişi şadyýan daýhan oglan hasaplaýardy. Onuň atasy daýhan birleşigiň belli kärendeçisi, bagtyny mele toprakdan tapan daýhan. Kemala hem daýhançylygy atasy öwretdi.

Ol mekdepde-de göreldeli okuwçy — hormat partasynyň eýesidi. Sapaklaryna gowy ýetişip, mugallymlaryndan yzygiderli «berekella» alýar. Matematika sapagyny aýratyn gowy görýär. Bu gün bolsa ol gaty ünjüli. Nämedir bir zat ony örän biynjalyk edýär.

Atamyrat AŞYRGULYÝEW.
Beýleki habarlar