Bilim — bagtyýar geljegi gurmagyň açary

26 Awgust 2024
159

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji okuw ýylyndan bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi. Maslahata gatnaşan bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr mugallymlaryň çykyşlarynda şular barada giňişleýin gürrüň edildi.

Baýram BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory:

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar